Aşgabatda we welaýatlarda 9-njy noýabrda boljak howa maglumaty

Aşgabatda we welaýatlarda 9-njy noýabrda boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 9-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +13... +18°, kenarýaka etraplarynda +10... +15° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 760 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Awazada: howa +12... +14°, basyşy 769 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Balkanabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 768 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 743 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Tejen şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 753 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 749 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň birinji ýarymynda welaýatyň günorta etraplarynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 754 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Kerki şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 748 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-5° sowuk, gündizine +7... +12° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 763 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Köneürgenç şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 764 mm, çyglylygy 30 — 50%.