“Mona Lizanyň” takyk nusgasy Fransiýada auksiona çykaryldy

  • 07.11.2021 23:20
  • 10k+

Asyl nusgasy italiýaly suratkeş Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen we häzirki wagtda Luwrda saklanýan meşhur “Mona Liza” suratynyň takyk nusgasy 9-njy noýabrda Pariždäki Artcurial auksionynda satylar. Bu barada TASS habar berýär.

“Artcurial “Mona Lizanyň” aýratyn nusgasyny hödürleýär” – diýlip, fransuz auksion öýüniň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. Onda bu nusganyň, takmynan, 1600-nji ýylda çekilendigi we onuň awtorynyň asyl nusga ygtyýarynyň bolandygy, şol sebäpli iki suratyň meňzeşdigi bellenilýär. Suratyň bahasy 173 dollardan 230 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, da Winçiniň bu eseriniň XVII asyrda döredilen başga bir nusgasy şu ýylyň iýun aýynda Pariždäki Christie’s auksionynda 2,9 mln ýewro satyldy. Italiýaly ussadyň “Dünýäni halas ediji” suraty bolsa auksionlarda satylanlaryň arasynda iň gymmat surat boldy. Onuň asyl nusgasy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Nýu-Ýorkdaky Christie’s auksionynda 450 mln dollara satyldy.

“Mona Liza” dünýädäki iň meşhur surat eserleriniň biridir. Leonardo da Winçi “Mona Lizany” Florensiýada çekýär, ýöne 1516-njy ýylda suraty Fransiýa öz ýany bilen alyp gidýär. 1519-njy ýylda suratkeşiň ölüminden soň portreti Fransiýanyň koroly Fransisk I alýar. Surat Lýudowik XIV-niň döwrüne çenli Fontenblo galasynda saklanýar. Ol suraty Wersal köşgüne getirýär, XVIII asyryň ahyrlarynda fransuz rewolýusiýasyndan soň ol Luwra geçirilýär.


düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.6k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.7k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....