“Mona Lizanyň” takyk nusgasy Fransiýada auksiona çykaryldy

  • 07.11.2021 23:20
  • 10k+

Asyl nusgasy italiýaly suratkeş Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen we häzirki wagtda Luwrda saklanýan meşhur “Mona Liza” suratynyň takyk nusgasy 9-njy noýabrda Pariždäki Artcurial auksionynda satylar. Bu barada TASS habar berýär.

“Artcurial “Mona Lizanyň” aýratyn nusgasyny hödürleýär” – diýlip, fransuz auksion öýüniň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. Onda bu nusganyň, takmynan, 1600-nji ýylda çekilendigi we onuň awtorynyň asyl nusga ygtyýarynyň bolandygy, şol sebäpli iki suratyň meňzeşdigi bellenilýär. Suratyň bahasy 173 dollardan 230 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, da Winçiniň bu eseriniň XVII asyrda döredilen başga bir nusgasy şu ýylyň iýun aýynda Pariždäki Christie’s auksionynda 2,9 mln ýewro satyldy. Italiýaly ussadyň “Dünýäni halas ediji” suraty bolsa auksionlarda satylanlaryň arasynda iň gymmat surat boldy. Onuň asyl nusgasy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Nýu-Ýorkdaky Christie’s auksionynda 450 mln dollara satyldy.

“Mona Liza” dünýädäki iň meşhur surat eserleriniň biridir. Leonardo da Winçi “Mona Lizany” Florensiýada çekýär, ýöne 1516-njy ýylda suraty Fransiýa öz ýany bilen alyp gidýär. 1519-njy ýylda suratkeşiň ölüminden soň portreti Fransiýanyň koroly Fransisk I alýar. Surat Lýudowik XIV-niň döwrüne çenli Fontenblo galasynda saklanýar. Ol suraty Wersal köşgüne getirýär, XVIII asyryň ahyrlarynda fransuz rewolýusiýasyndan soň ol Luwra geçirilýär.


düýn 02:06
1.6k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

28.01.2026 09:48
2k+

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady

Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi...

23.01.2026 20:40
4.7k+

Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär...

14.01.2026 17:56
5.9k+

Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar

Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylygy derňeýän derňewçiler jenaýatkärleriň gymmatbaha zatlary ogurlap göni getirip gizlän garažynyň üstünden bardylar...