Serdar Berdimuhamedow Glazgodaky COP26 sammitinde çykyş etdi

  • 04.11.2021 18:45
  • 9k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky  Türkmenistanyň wekiliýeti  BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisine gatnaşýar. Bu ählumumy forumda çykyş edip, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi görnetin ýagdaýda peselýär» diýmek bilen, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

Nygtalyşy  ýaly, bu ugurda Türkmenistan öz hususy serişdeleriniň, şeýle-de halkara guramalaryň hem-de maliýe institutlarynyň tehniki we maliýe goldawynyň hasabyna orta möhletli geljekde 2030-njy ýyldan başlap, bug gazlarynyň zyňylmasynyň nol ösüşini gazanmagy, uzak möhletli geljekde bolsa her ýyl zyňylmalaryň ähmiýetli derejede azaldylmagyny maksat edinýär.

Ýeri gelende bellesek, bilermenleriň Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde beren bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, kömürturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.


düýn 14:24
2.1k+

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

düýn 13:44
12k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

düýn 13:28
1.1k+

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

01.07.2025 14:51
9.1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...