29-njy oktýabr: Aşgabatda we welaýatlarda boljak howa maglumaty

29-njy oktýabr: Aşgabatda we welaýatlarda boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 29-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +15... +20°, kenarýaka etraplarynda +10... +15° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 762 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Awazada: howa +12... +14°, basyşy 770 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Balkanabat şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 771 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +16... +21° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 743 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 754 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 752 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Baýramaly şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 751 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +10... +15°, günorta etraplarynda +19° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 755 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 750 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 765 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 767 mm, çyglylygy 55 — 75%.