Oktýabrda Türkmenistandan Russiýa we Türkiýä iki sany ýörite uçuş meýilleşdirildi

  • 21.10.2021 19:04
  • 27k+

22-nji oktýabrda «S7 Airlanes» rus awiakompaniýasy Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça awiagatnawyny amala aşyrar. S78536 belgili gatnaw Domodedowo halkara howa menziliniň resmi saýtyndaky tertipde görkezilen.

Öň, TmCars.info 24-nji oktýabrda «Türkhowaýollarynyň» Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy ýerine ýetirjekdigini habar beripdi.
Türkmenistanyň Russiýa we Türkiýe bilen yzygiderli howa gatnawlary dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaý zerarly togtadyldy.


şu gün 15:24
3.3k+

Türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň we Abat Muhadowanyň şahsy kolleksiýasy görkezildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we onuň ýanýoldaşy, sungaty öwreniji Abat Muhadowanyň maşgala kolleksiýasyndan ybarat sungat eserleriniň sergisi geçirildi...

şu gün 00:10
11k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...

şu gün 00:02
4.2k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerine üns berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

şu gün 00:01
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Belgradda geçiriljek «EKSPO – 2027» sergisine gatnaşmak baradaky teklipleri makullady

Türkmenistan Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N...