Turkish Airlines Türkmenistandan ýolagçylara möhleti gutaran petekleriň puluny gaýtaryp berer

  • 21.10.2021 18:36
  • 27k+

«Turkish Airlines» hereket ediş möhletiniň gutarandygy sebäpli Türkmenistandan raýatlara satyn alnan petekleriň pullaryny yzyna gaýtaryp berer. Bu barada awiakompaniýanyň wekili habar berdi. Hünärmen awiapetekleri yzyna gaýtarmaklygyň gysga möhletde we 2021-nji ýylyň 30-njy dekabryndan gijä galman amal edilmelidigini belledi diýip, «Atavatan Türkmenistan» habar berýär.

Ýatyrylan gatnawlar üçin tölegleri ýolagçylar «Turkish Airlines-iň»  Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup alyp bilerler. Salgy: «Berkarar» Işewürlik merkezi, Atatürk köçesi 82, 1-nji gat, A7-A8.

Ýatlap geçsek, ýaramaz epidemiologik ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary wagtlaýyn togtadyldy.

Häzirki wagtda «Turkish Airlines» kompaniýasy diňe ýörite gatnawlary amala aşyrýar. Bu gatnawlaryň aglabasy Stambul-Türkmenabat-Stambul we Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda ýerine ýetirilýär.

Ýakynda wagtda kompaniýa 4 sany halkara gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Olaryň biri 24-nji oktýabra meýilleşdirildi.


şu gün 10:10
1.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......