Apple 14 we 16 dýuým ekranly täze MacBook Pro modellerini hödürledi

  • 20.10.2021 18:27
  • 4.6k+

Apple amerikan kompaniýasy MacBook Pro flagman noutbugynyň täzelenen modellerini hödürledi. Täze gurluşlaryň tanyşdyrylyş dabarasy kompaniýanyň saýtynda onlaýn görnüşde geçirildi. Bu barada ren.tv habar berýär.

Täze MacBook Pro iki görnüşde – 14 we 16 dýuým diagonally displeýler bilen hödürlendi. Gurluşyň ekranynyň ýokary böleginde iPhone smartfonlarynda we iPad planşetlerinde ulanylýan kameraly blok ýerleşýär. 

Kompaniýanyň noutbuklaryň täze neslinde MacBook Pro-nyň öňki neslinde bolmadyk MagSafe magnit zarýad ulgamyna dolanjakdygy bellenilýär. Şeýle-de, hünärmenler köp funksiýaly sensor paneli Touch Bar-dan ýüz öwürdiler, ol doly ölçegli dolandyryş klawişleri bilen çalşyldy. 

Apple täze noutbuklary hususy önümçiliginiň ýokary derejeli M1 Pro we M1 Max prosessorlary bilen üpjün etdi. Topluma baglylykda täze MacBook Pro 64 gigabaýta çenli operatiw ýada eýe bolar, içerki ýadyň göwrümi 8 terabaýta çenli ýokarlandyrylyp bilner. Öndürijileriň aýtmagyna görä, akkumulýatoryň möçberi wideo görmek režiminde 21 sagada çenli üznüksiz işlemek üçin ýeterlikdir.


22.06.2025 18:11
4.4k+

Ajaýyp, arman peýdasyz: tehnohöwesjeň Nintendo Switch-i iň haýal iPhone-a öwürdi

PatRyk lakamly tehnologiýa höwesjeňi Nintendo Switch oýun konsolynda iOS mobil operasion ulgamyny işe girizmegi başardy. Taslama synag maksatly geçirildi – ulgam, takmynan, 20 minutda ýüklenýär we ähli goşundylar dessine ýalňyşlyk ýüze çykyp ýapylýar diýip, «Tom’s Hardware» neşiri ýazýar...

20.06.2025 17:12
1.8k+

Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar

Apple 2027-nji ýyla çenli Apple Watch sagatlaryna ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ölçemek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada GF Securities analitigi Jeff Pu salgylanyp, Appleinsider neşiri habar berýär...

10.02.2025 22:05
1.8k+

«Edil Pixar-yňky ýaly»: Apple täsin robot-çyrasyny görkezdi

Apple kompaniýasynyň robototehnika bölümi «Lýukso-körpe» (Люксо-младший) multfilmindäki çyrany ýada salýan robotyň nusgalyk modelini görkezdi. Bu barada «Apple Machine Learning Research» web sahypasynda habar berilýär...

07.02.2025 18:41
13k+

iPhone 16 Pro bilen Samsung Galaxy S25 Ultra iş ýüzünde deňeşdirildi

Samsung Galaxy S25 Ultra we iPhone 16 Pro smartfonlary emeli aňyň kömegi bilen taýýar suratlardan obýektleri aýyrmak mümkinçiligine eýe boldy. Samsung-da bu funksiýa öňki nesil smartfonlarynda peýda bolupdy, Samsung...