Tesla 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Germaniýada täze awtomobil zawodyny işe girizer

  • 18.10.2021 18:58
  • 6.8k+

Berliniň golaýynda gurlan Tesla Gigafactory Berlin-Brandenburg zawody GFR-iň häkimiýetlerinden işe girişmek üçin degişli rugsatnamany alandan soň, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda elektrokarlaryň önümçiligine başlar. Bu barada Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask aýtdy diýip, avtonovostidnya.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu zawod ýylda 520 müňe çenli ulag (ýagny, hepdede 10 müň birlik) çykaryp biler, ýöne iň ýokary önümçilik kuwwatyna çykmak üçin oňa azyndan bir ýyl gerek bolar. Şol wagta çenli, iň bolmanda, işiň ilkinji aýlarynda önümçilik göwrümi hepdede 5 müň awtomobil bilen çäklener. 

“Önümçiligiň göwrümini artdyrmak zawodyň gurluşygyna sarp edilenden hem köp wagt talap edýär” – diýip, Ilon Mask belleýär.

Şeýle-de, telekeçi kompaniýanyň ekologiýa taýdan arassa we bary-ýogy 45 sekuntda Model Y krossoweriniň tutuş kuzowyny ýygnamaga mümkinçilik berýän ýokary derejede awtomatlaşdyrylan önümçiligi döretmegi başarandygyny belledi.  

Berliniň golaýyndaky zawodda Tesla-nyň diňe iň gowy ulaglary – Model 3 sedany we ýokarda agzalan Model Y krossoweri çykarylar diýlip çaklanylýar. Wagtyň geçmegi bilen onuň konweýerine heniz hödürlenmedik Semi elektrik tirkeg çekijisi hem goşulyp bilner.


düýn 12:32
2.3k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.4k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......