18-nji oktýabr: Türkmenistanyň çäginde 30° çenli yssy bolar

18-nji oktýabr: Türkmenistanyň çäginde 30° çenli yssy bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 18-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +25... +27° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +17°, gündizine +23... +28°, kenarýaka etraplarynda +17... +22° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 755 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Awazada: howa +18... +20°, basyşy 761 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Balkanabat şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 758 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +25... +30° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +26... +28°, basyşy 739 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Tejen şäherinde: howa +28... +30°, basyşy 746 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +22... +27° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +25... +27°, basyşy 743 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Baýramaly şäherinde: howa +24... +26°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +20... +25° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 745 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Kerki şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 757 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Köneürgenç şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 754 mm, çyglylygy 20 — 40%.