Wodorodly “Toyota Mirai” geçen ýolunyň uzaklygy boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 13.10.2021 01:49
  • 12k+

Wodorodda ýöreýän “Toyota Mirai” awtoulagy geçen ýolunyň uzaklygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada 32cars.ru habar berdi.

Sedan bir gezek dolduran ýangyjy bilen 1360 kilometr ýol geçmegi başardy. Bu netije ýangyç öýjükli hereketlendirijisi bolan awtoulaglaryň arasynda ýangyç guýmazdan geçilen rekord aralyk hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, çeşme ýazýar.

Şeýlelikde, munça aralygy geçmek üçin birnäçe gün gerek boldy, şol döwürde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili awtoulagyň ýangyç guýmak üçin durmandygyny gözegçilikde saklady. Awtoulagyň baklary diňe onuň ýola düşmezinden öň doldurylypdy. Ýapon awtoulag öndürijisiniň wekilleri ulaga ýangyç guýmak üçin bary-ýogy bäş minut wagt gerekdigini aýtdylar.

Awtoulag Kaliforniýadaky “Toyota” tehniki merkezinden badalga aldy. Sedan birinji günüň dowamynda 760 km-den gowrak, ikinji gün bolsa 600 km ýol geçdi.


30.06.2025 19:19
5.4k+

Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy...

27.06.2025 11:37
6.2k+

Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde

Toyota kompaniýasy Land Cruiser Prado ulagynyň gibrid wersiýasyny tanyşdyrdy. Bu ulag modeliň Ýewropa bazary üçin niýetlenilen elektrikleşdirilen ilkinji görnüşidir. Täze 48-woltlyk gibrid ulgam, häzirki wagtda adaty Prado modellerinde ulanylýan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijiniň binýadynda döredildi...

26.06.2025 14:44
12k+

Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi

Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi...

25.06.2025 11:18
4.7k+

Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar

2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy...