Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

  • 30.06.2025 19:19
  • 6.9k+

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy.

JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy. 2024-nji ýylda Toyota RAV4-den (käbir ýurtlarda model Wildlander ady bilen tanalýar) 1,187 mln nusga satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 11% köpdür. Tesla Model Y-nyň satuwy bolsa 1,185 mln ulag boldy – bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 3% azdyr.
ABŞ-da hem Toyota RAV4 satuw boýunça Ford F-150-den (Super Duty wersiýalaryny hasaba almazdan) öňe geçip, birinji orny eýeledi.
2024-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň köp satylan awtomobilleriniň ilkinji onlugyna ýene dört Toyota modeli girdi: Corolla Cross (Frontlander, 3-nji orun), Corolla Sedan (Levin Sedan, 5-nji orun), Hilux pikapy (6-njy) we Camry sedany (8-nji).
Tesla-nyň hem sanawda ýene bir modeli – Model 3 bar. Ol 560 müň satylan awtomobil bilen dokuzynjy orny eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga Honda CR-V (4-nji orun), Ford F-150 (7-nji) we BYD Qin hytaý modeli (10-njy) girdi. 


şu gün 10:02
1.9k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

28.06.2026 21:54
3.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......