Wodorodly “Toyota Mirai” geçen ýolunyň uzaklygy boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 13.10.2021 01:49
  • 12k+

Wodorodda ýöreýän “Toyota Mirai” awtoulagy geçen ýolunyň uzaklygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada 32cars.ru habar berdi.

Sedan bir gezek dolduran ýangyjy bilen 1360 kilometr ýol geçmegi başardy. Bu netije ýangyç öýjükli hereketlendirijisi bolan awtoulaglaryň arasynda ýangyç guýmazdan geçilen rekord aralyk hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, çeşme ýazýar.

Şeýlelikde, munça aralygy geçmek üçin birnäçe gün gerek boldy, şol döwürde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili awtoulagyň ýangyç guýmak üçin durmandygyny gözegçilikde saklady. Awtoulagyň baklary diňe onuň ýola düşmezinden öň doldurylypdy. Ýapon awtoulag öndürijisiniň wekilleri ulaga ýangyç guýmak üçin bary-ýogy bäş minut wagt gerekdigini aýtdylar.

Awtoulag Kaliforniýadaky “Toyota” tehniki merkezinden badalga aldy. Sedan birinji günüň dowamynda 760 km-den gowrak, ikinji gün bolsa 600 km ýol geçdi.


düýn 01:38
5.8k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......