Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar

  • 25.06.2025 11:18
  • 5.2k+

2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy.

Az satylandygyna garamazdan (2022-nji ýylda 21 000 sanysy satylan RAV4 PHEV bilen deňeşdirilende, 2612 sanysy satyldy), bu model Suzuki üçin möhümdigini subut etdi. Gibrid güýç gurluşynyň az zyňyndylydygy sebäpli, bu kompaniýa ÝB-niň daşky gurşaw standartlaryna laýyk gelmegi başardy.
“Across-iň” täze wersiýasy döwrebaplaşdyrylan RAV4 platformasynda gurlar we ýene geçirişli gibrid priwody alar. Güýç gurluşynyň düzümine 2,5 litrlik benzinli hereketlendiriji, birnäçe elektrik hereketlendirijisi we kuwwaty 22,7 kWt bolan ulaldylan batareýa girer. Yglan edilen elektroçekijilik aralygy (WLTP sikline görä) 100 km bolar. Aňrybaş kuwwaty 224 kWt. Sagatda 100 km tizlige çykmagy üçin 5,8 sekunt gerek bolar.
Suzuki Across-yň ikinji nesli diňe Ýewropada satylar. Öňki ýaly beýleki sebitlere eltip bermek meýilleşdirilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, Toyota modeliň indiki täzelenmesiniň çäklerinde Awstraliýada RAV4 PHEV çykarmaga taýynlanýar.
Toyota bilen Suzuki-niň hyzmatdaşlygy dowam edýär: ozal bu meýilnama boýunça Suzuki Swace (Corolla Touring Sports -a meňzeş) we e-Vitara / Urban Cruiser modelleri peýda bolupdy.


düýn 21:15
3.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....