Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde

  • 27.06.2025 11:37
  • 7k+

Toyota kompaniýasy Land Cruiser Prado ulagynyň gibrid wersiýasyny tanyşdyrdy. Bu ulag modeliň Ýewropa bazary üçin niýetlenilen elektrikleşdirilen ilkinji görnüşidir.

Täze 48-woltlyk gibrid ulgam, häzirki wagtda adaty Prado modellerinde ulanylýan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijiniň binýadynda döredildi. Bu hereketlendirijiniň güýji 200 at güýjünden biraz ýokary. Oňa goşmaça kiçi elektrodinamo-motor we kompakt akkumulýator ýerleşdirildi.
Elektrik motory 16 at güýjüne we 65 Nm torka çenli güýji öndürip bilýär. Ol ulagyň ýerinden hereketlenmeginde we ýolsuz şertlerde hereket etmeginde kömek berýär, şeýle-de energiýa dikeldiş (rekuperasiýa) ulgamynyň işine gatnaşýar.

Akumulýatoryň sygymy 4,3 amper-sagat, agramy bolsa 7,6 kilogram bolup, ol bagaž bölüminiň aşagynda ýerleşýär.
Täze gibrid Prado modelleriniň Ýewropadaky satuwy 2025-nji ýylyň soňlarynda başlanar. Toyota gelejekde Prado modeliniň diňe elektrikleşdirilen görnüşlerini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.


şu gün 18:36
1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......