Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi

  • 26.06.2025 14:44
  • 13k+

Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi. Täze model täjirçilik ýüklerini daşamaklyga uýgunlaşdyrylan we Derbişirdäki zawodda öndüriler.

Esasy üýtgeşmeler salonyň yzky bölegine täsir etdi. Land Cruiser Commercial-yň yzky oturgyçlary aýryldy, penjireleri metal örtükler bilen örtülendir we öňdäki oturgyçlaryň arkasyna gözenek bölekli germew goýuldy. Emele gelen ýük meýdanynyň uzynlygy 1685 mm, ini 1286 mm we beýikligi 1090 mm, göwrümi 2 müň litr diýlip hasaplanylýar.
Ulag 201 at güýji we torky 500 Nm bolan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji sekiz diapazonly awtomatiki geçiriş we tekerleri doly hereketli ulgam bilen jübütlikde işleýär. Täze önüm ösen ýollary bolmadyk, barmasy kyn ýerlere harytlary eltmek üçin niýetlenendir.
Toyota-da Land Cruiser Commercial-yň beýleki täjirçilik ulaglaryndan diňe bir geçijiligi bilen däl, eýsem komplektasiýasy bilen hem tapawutlanýandygyny belleýärler. Enjamlardan 18 dýuýmlyk tigirleri, tokly sazlanýan we gyzdyryjyly  öňdäki oturgyçlary, goşa zolakly howany dolandyryjyny we dokuz dýuýmlyk ekranly media ulgamyny öz içine alýar.
Iki orunlyk täze “furgonyň” bahasy 52 729 funt sterling (71 000 dollar töweregi), ýolagçy wersiýasyndan 25 000 dollar töweregi arzan. Eltip bermeler 1-nji sentýabrda başlanar.


düýn 21:15
3.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....