Russiýada türkmenistanly talyplaryň 36 müňe golaýy bilim alýar

  • 08.10.2021 18:42
  • 16k+

Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýy Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Bu barada 7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy.

Taraplar ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini nygtadylar. Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýynyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýarlar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa dünýäde koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň dowam edýändigini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, türkmen Lideri Russiýanyň Baştutanyna ýurtda öndürilen waksinalaryň, PZR test ulgamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň Türkmenistana iberilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.


06.12.2025 16:49
3.9k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri ekologiýa görkezijileri boýunça dünýä reýtinginde ýokary galdylar

Uniwersitetleri ekologiýa taýdan bahalandyrýan «UI GreenMetric World University Ranking» ulgamynyň 2025-nji ýyl boýunça netijeleri belli boldy. Bu reýting dünýädäki uniwersitetleri ekologiýa taýdan durnuklylyk babatynda 6 ugur boýunça jemi 10 000 baldan bahalandyrdy...

06.12.2025 10:45
3.5k+

Türkmenistanly talyplar "RUDN MATH OLYMP 2025" Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy (RUDN MATH OLYMP 2025) geçirildi...

04.12.2025 16:44
6.5k+

Wengriýada we Hytaýda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär

1 – 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär...

04.12.2025 16:24
5.8k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. TDU-nyň resmi saýtynda habar...