Türkmenistan VI Hazar sammitini ýüzbe-ýüz görnüşde geçirmegiň tarapdary

  • 08.10.2021 10:33
  • 7.8k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammiti bilen bagly meselelere hem garaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Hazar «bäşliginiň» çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy dünýädäki ýeňil bolmadyk pandemiýa zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa düşünmek bilen, bu sammitiň ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegini möhüm hasaplaýar. Munuň özi häzirki wagtda gün tertibinde durýan wajyp meselelere içgin seretmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Şolaryň hatarynda durnuklylyk we howpsuzlyk, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, Hazarda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bar. Mundan başga-da, sammit Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder. Zerur bolan ýagdaýynda, Türkmenistan sammiti guramak meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekilini kabul etmäge taýýardyr.


düýn 23:15
1.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....