Hepdäniň howa maglumaty: ortaça temperatura +18 gradus bolar

Hepdäniň howa maglumaty: ortaça temperatura +18 gradus bolar

Şu hepdede Türkmenistanda howanyň temperaturasy ähli sebitlerde gün geçdikçe aşaklar. Howanyň ortaça gündizki temperaturasy tutuş hepdäniň dowamynda +18 gradus bolar.
Gidrometeorologlaryň çaklamasyna görä, käbir sebitlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar.

Lebap welaýatynda hepdäniň başynda +22 — +23 gradus bolar. Sişenbeden şenbä çenli welaýatda bulutly we ýagynly howa bolar. Çarşenbe güni howanyň derejesi +20-ä çenli aşak düşer. Penşenbeden şenbä çenli +18-den — +17-ä çenli bolar, ýekşenbede bolsa, +14 gradusa çenli aşaklar.

Mary welaýatynda şu hepdede howanyň bulutsyz bolmagyna garaşylýar. Duşenbede welaýatda +22, sişenbede bolsa — +25 gradus bolar. Çarşenbe güni howanyň derejesi +21-e, penşenbede bolsa +20-ä çenli aşaklar. Anna we şenbe günleri howanyň temperaturasy +18, ýekşenbede bolsa +15 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda duşenbede hepdäniň içinde iň maýyl gün bolar — +19 gradus. Sişenbede ýagyn ýagyp, howanyň +15 gradusa çenli aşaklamagyna garaşylýar. Çarşenbe güni howanyň derejesi +12, penşenbe güni +10 gradusa çenli aşaklar. Anna güni +15 gradusa çenli ýokarlanyp, hepdäniň ahyrynda ýene-de +13 — +14 gradus howa bolar.

Balkan welaýatynda duşenbede günüň ortasynda sekuntda 22 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Howanyň derejesi +26 gradus bolar. Sişenbede bulutly howa bolup, ýagynyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň derejesi +22-ä ýeter. Penşenbe güni +17 gradusa çenli düşüp, şu ýagdaýda hem hepdäniň ahyryna çenli saklanar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede +24 gradus bolar. Sişenbede +22-den, penşebede +15 gradusa çenli aşak düşüp başlar. Bu aralykda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Anna we şenbe günleri +16 gradus, ýekşenbede bolsa +15 gradus bolar.

Güýz hökümini ýöredip başlady. Şonuň üçin hem saglygyňyzy gorap, ýyly geýinmegi unutmaň.