Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alanlaryň elektron reýestri döredilýär

  • 02.10.2021 15:36
  • 25k+

Türkmenistanda COVID-19-a garşy sanjym alan adamlaryň elektron ulgamy döredilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bu elektron reýestri (maglumatlar gory) döretmek işinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we «Halkara hyzmatdaşlyk üçin russiýaly bilermenler» taslamasynyň goldaw bermeginde Anatoliý Lawrow ýardam edýär.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu registr ministrlige ilatyň sanjym alyş gerimini kesgitlemäge we sanjymlaryň satyn alynmagyny meýilleşdirmäge kömek eder.

– Bu taslamanyň çäklerinde elektron hökümet taslamasyny düzmegiň ýörelgelerini nazara alyp, şular ýaly ulgamlary işläp düzmekde häzirki halkara tejribesini ulanmak arkaly elektron reýestrini işläp düzmek boýunça maslahatlar berilýär, şeýle hem reýestriň bitewi maglumatlar giňişligine soňlugy bilen utgaşdyrylmagy üçin zerur bolan Ministrligiň sanly özgeriş strategiýasynyň elementlerine teklipler düzgünleşdirilýär — diýip, ORIENT Anatoliý Lawrow taslamanyň maksatlary barada gürrüňlerini getirýär.


düýn 08:34
10k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi

Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi...

11.07.2025 19:08
7.2k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

10.07.2025 11:09
7k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...

09.07.2025 20:08
2k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...