Türkmen Lideri ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipelerini kesgitledi. Olar haýsylar?

  • 27.09.2021 07:49
  • 9.9k+

25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda türkmen Lideri garaşsyz ösüş ýyllarynda ähli ugurlarda gazanylan üstünliklere jikme-jik syn bermek bilen: «Biz gazanylan üstünlikler bilen birjik-de çäklenmeli däldiris. Geljekde hem başlan özgertmeler syýasatymyzy dowam etmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi baş maksadymyz hasaplaýarys» diýip nygtady.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Olar, ine, şulardan ybarat:

  • ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek;
  • döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak;
  • ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmek;
  • ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak;
  • täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak;
  • ilatyň hakyky pul girdejileriniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek, işgärleriň zähmet işjeňligini höweslendirmegiň möhüm serişdesi hökmünde ilatyň esasy girdejileri bolan zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak;
  • kömege mätäç adamlara salgylaýyn ýardam bermek, ýeňillikler ulgamyny oýlanyşykly işläp taýýarlamak, durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak esasynda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak;
  • ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek.

şu gün 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
3.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......