Послу Чинар Рустемовой присвоено звание «Герой Туркменистана»

  • 26.09.2021 09:34
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çy­nar Tä­ji­ýew­na Rus­te­mo­wa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşuryldy.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Permanda bellenilişi ýaly, bu resminama Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp kabul edildi.

«Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, iri halkara guramalarda türkmen döwletine wekilçilik etmek bagtynyň nesip edendigi üçin özümi çäksiz bagtly hasaplaýaryn. Biz nirede işlesek-de, hemişe berkarar döwletimiziň, mähriban Arkadagymyzyň ýakyn goldawyny duýup işleýäris. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz Watany söýmekde, il-halka ak ýürekden hyzmat etmekde biziň üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Bu belent mertebe di­ňe meniň çeken zähmetime däl, tutuş türkmen zenanlaryna, diplomatlaryna bildirilen mukaddes ynamdyr» - diýip, diplomat, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa aýtdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

11.05.2026 22:55
1k+

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Посол Туркменистана провёл переговоры с главой Союза палат и бирж Турции

1 мая посол Туркменистана в Турции Мекан Ишангулыев провёл встречу с председателем Союза палат и бирж Турецкой Республики Рифатом Хисарджыклыоглу. Стороны обсудили перспективы расширения торгово-экономического......