Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda täze maksatnama gol çekildi

  • 22.09.2021 08:08
  • 8k+

21-nji sentýabrda TDIM-niň binasynda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan gol çekdiler.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habarynda bellenilişi ýaly, bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdirilen usullar arkaly adam howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatyndaky çemeleşmäniň nazarda tutulmagy bilen, ýerli derejede döwlet gullukçylarynyň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de bu ilatly nokatlarda durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny maksat edinýär.

Maksatnama aýratyn alnan sebitleriň ýaşlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bolup, ýerli bileleşikleriň ösdürilmegine saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Bu taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen milli derejede Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylar.

Soňra Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......