Alymlar täze nanomaterialdan suwdan gury çykýan eşik döretdiler

  • 19.09.2021 07:59
  • 5.2k+

Amerikaly alymlar suwy yzyna serpikdirýän we hatda suwuň aşagynda-da gury saklanyp bilýän täze nanomaterial döretdiler. Bu barada open-dubna.ru habar berdi.

Merkezi Florida uniwersitetiniň alymlarynyň täze oýlap tapyşy suwdan has täsirli goraýan üstleri, ýangyç elementlerini we toksinleri tapmak üçin elektron datçikleri işläp taýýarlamakda täze ugur açyp biler. Bu baradaky makalanyň bildirişi “Advanced Materials” žurnalynyň awgust aýyndaky sanynyň daşynda çap edildi.

Barlagçylar toparynyň käbir ösümlikleriň we janly-jandarlaryň tebigatyndan we ewolýusiýasyndan ylham alandyklary aýdylýar. Topara UCF-niň Nanotehnologiýa Tehnologiýa Merkeziniň professory Dabaşis Çanda ýolbaşçylyk etdi.

"Suwy serpikdirijilik ýa-da gidrofoblyk - ösümlikleri we haýwanlary kömelek, suwotularyň ösmegi we hapalanmak ýaly patogenlerden goraýan hem-de arassalaýan tebigy guraldyr" diýip, Debaşis Çanda belledi. "Biz lotus ýapragynyň gurluşyna bil bagladyk we nanogurluşly materiallary molekulýar fullerene kristallarynyň esasynda sintezledik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Alymlar bu supergidrofob plýonkalaryň bakteriýalary zyýansyzlandyrmakda, wodorod ýa-da elektrokataliz emele getirmekde ulanylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.


düýn 23:19
5.3k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...

20.11.2025 11:50
3.6k+

Alymlar ilkinji gezek 40 müň ýyllyk mamontyň RNK-syny açyklap başardylar

Halkara alymlar topary Ýakut mamontlarynyň galyndylaryndan ilkinji gezek matrisa RNK (mRNK) molekulalaryny alyp, açyklamagy başardylar. Bu molekulalar, öýjükleriň beloklary döretmek üçin ulanýan genleriň işleýän göçürmeleridir...

19.11.2025 13:32
3.4k+

Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler

Uly dil modelleri (UDM) arkaly dolandyrylýan robotlar diskriminasiýa meýillidigini we adamlara fiziki zyýan ýetirip biljek hereketleri makullamaga çalşandygyny görkezdiler. London Korollyk kollejiniň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň alymlary bilelikdäki gözlegleriniň netijesinde şeýle netijä geldiler...

19.11.2025 13:14
3.2k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...