ABŞ-da millionlarça dollar sarp edilen kosmos ýadro reýderi taslamasy ýapyldy

  • 06.07.2025 14:49
  • 3.4k+

ABŞ-nyň Goranmak boýunça geljekki barlag taslamalary gullugy (DARPA) NASA bilen kosmos termiki ýadro hereketlendirijisini (NTP) döretmek baradaky bilelikdäki taslamany ýatyrdy. Bu karar häzirki zaman raketa tehnologiýasynyň gazananlary, şol sanda SpaceX-iň üstünligi we ýadro hereketlendirijileriniň geljeginiň täze seljermesi bilen düşündirilýär  diýip, Space News habar berýär.

DRACO (Demonstration Rocket for Agile Cislunar Operations) programmasy 2020-nji ýylda işe girizildi. 14 million dollarlyk ilkinji şertnamany Gryphon Technologies kompaniýasy aldy – ol ýadro bölünişi suwuk wodorody - kosmosa radioaktiw gaz hökmünde çykýan suwuklygy gyzdyrjak hereketlendirijini dizaýn etmelidi.
2021-nji ýylda DARPA General Atomics (22 million dollar), Blue Origin (2,5 million dollar) we Lockheed Martin (2,9 million dollar) bilen şertnama baglaşdy. 2023-nji ýylda bu maksatnama NASA goşuldy. Şondan soň taslamanyň umumy býujeti 499 million dollara ýetdi.
BWX Technologies hereketlendiriji işläp taýýarlamaga girişdi, Lockheed Martin bolsa raketany ýygnaýar we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän uçuşa taýýarlaýar.
Şeýle-de bolsa, NASA-nyň 2026-njy ýyldaky býujet taslamasy DRACO-ny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutmaýar.
DARPA gowşurylyş ulgamlarynda çalt öňe gidişlik sebäpli artykmaçlygyň elektroraketa ýadro hereketlendirijilerine geçýändigini we munuň DRACO taslamasyny köne edýändigini aýtdy.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....