Mersedes-Benz täzelenen Sprinter furgonlaryny satyp başlady

Mersedes-Benz täzelenen Sprinter furgonlaryny satyp başlady

«Mersedes-Benz Sprinter» furgon segmentinde bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin birnäçe täzelemelere eýe boldy. Bu täzelenmeler, esasan, döwrebap geçirişden (transmissiýada) we täzeden işlenen dizaýndaky süýşýän gapydan ybarat diýip, procrossover.ru habar berdi.

Täzelenen furgonyň binýadynda bize “Mersedes-Benz”-iň ýeňil awtoulaglary arkaly tanyş bolan 2.0 litrlik OM 654 dizel hereketlendirijisi ýerleşýär. 4 silindrli hereketlendiriji ýakyn wagtda dört dürli kuwwatlykda elýeterli bolar.

Başlangyç  derejedäki modeliň 114 at güýji bar, ondan soňkularda bolsa 150 at güýji, 170 at güýji we 190 at güýji bolar. Şeýle hem “Sprinter” alty tizlikli mehaniki geçirişden başga-da, 9G-Tronic awtomatiki geçirişi ulanar.

Mundan başga-da, furgon ozalky 4x4 görnüşini saklap galýar. Bu-da diňe onuň iň güýçli warianty üçin elýeterlidir diýip, çeşme habar berýär.