Messi karýerasyndaky 750-nji goluny geçirdi

  • 14.09.2021 08:15
  • 9.4k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi günorta amerikaly oýunçylaryň arasynda milli topar üçin geçiren gol sany boýunça rekord goýdy. 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Boliwiýa bilen oýnunda Messi üç gol girizdi. Bu onuň toparyna garşydaşyny 3:0 hasabynda utmaga mümkinçilik berdi. 

Messi karýerasy üçin professional derejede geçiren gollarynyň sanyny 750-ä ýetirdi. Munuň üçin ol 932 oýna gatnaşmaly boldy diýip, sport-express.ru belleýär. 

Milli ýygyndy üçin het-trikden soň Messi 79 gol bilen Günorta Amerikanyň milli ýygyndylarynyň arasynda gol sany boýunça öňki rekord eýesi Peleden (77 gol) öňe geçip, lider boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysy saýlama toparynda Braziliýadan üç utuk yza galyp, ikinji orny eýeleýär.


şu gün 01:20
4.5k+

«Inter Maýami» stadionynyň tribunasyna Messiniň ady dakyldy

«Inter Maýami» kluby täze stadionynyň tribunalarynyň birine özüniň häzirki wagtda çykyş edýän oýunçysy — argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň adyny dakar. Gürrüň sport desgasynyň gündogar tarapyndaky tribunasy......

19.03.2026 15:56
10k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...

15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

10.03.2026 23:56
11k+

Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi

«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy...