Türkmenistanda 8 aýda söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime deň boldy

  • 11.09.2021 11:05
  • 3k+

Hökümetiň 10-njy sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri barada türkmen Liderine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýanwar — awgust aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 117,6 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişi, degişlilikde, 116,8 göterim hem-de 104,4 göterim, tikin we örme önümleri boýunça 121,8 göterim, gön önümleri boýunça 104,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 155,2 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda birža söwdalarynyň 198-si geçirilip, şolarda 20 müň 866 şertnama bellige alyndy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,7 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümçiligi boýunça bolsa 107 göterime barabar boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösdürilmegine ýardam bermek, häzirki zaman işewürlik ulgamyny döretmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň möçberlerini artdyrmakda usulyýet goldawyny bermek, şeýle hem harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we usullaryny gözlemäge ýardam bermek boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......