Rassell indiki möwsümde “Mersedesde” Hemiltonyň topardaşy bolar

  • 09.09.2021 01:50
  • 4.9k+

Formula-1-iň “Williams” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell indiki möwsümden “Mersedes” üçin çykyş edip başlar. Bu barada nemes toparynyň saýtynda habar berilýär diýip, sportrbc.ru belleýär.

Onuň topardaşy ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton bolar. Mundan öň Hemiltonyň häzirki ýoldaşy, 2017-nji ýyldan bäri “Mersedesde” çykyş edýän finlýandiýaly Waltteri Bottasyň karýerasyny “Alfa Romeoda” dowam etdirjekdigi habar berildi.

Rassell Formula-1-de 2019-njy ýylda “Williamsyň” düzüminde ilkinji gezek çykyş etdi. 23 ýaşly sürüji 51 ýaryşa gatnaşdy, onuň görkezen iň gowy netijesi 2021-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisinde ikinji orny eýelemegi boldy. 2020-möwsüminde ol Bahreýndäki tapgyrda “Mersedesde” koronawirus bilen kesellän Hemiltonyň ornuny çalşyrdy, şonda ol dokuzynjy orny eýeledi.


23.11.2025 23:48
1.5k+

Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris we Piastri diskwalifikasiýa edildi

Dünýäniň dört gezek çempiony, “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň Las-Wegasyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş onuň üçin karýerasynda 69-njy we häzirki möwsümde altynjy boldy...

13.11.2025 09:35
3.3k+

Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar

RM Sotheby’s auksion öýi Formula-1 taryhynyň iň meşhur bolidleriniň biri bolan McLaren MP4/6 awtoulagyny auksiona çykarýar. Hut şu ulagda Aýrton Senna 1991-nji ýylyň Braziliýadaky Gran Prisinde, geçiriş gutusyndaky çynlakaý näsazlyklara garamazdan, ýeňiş gazanypdy...

10.11.2025 13:06
1.4k+

Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi.   Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy...

08.11.2025 08:03
1.4k+

Formula 1-de Williams topary 2026-njy ýyldan adyny üýtgeder we taryhy logotipini dikelder

Formula 1-iň Williams topary 2026-njy ýyldan başlap täze at bilen çykyş etjekdigini yglan etdi. Häzirki Atlassian Williams Racing adynyň ýerine topar Atlassian Williams F1 Team ady bilen tanalar. Şeýle hem, Williams taryhy ýeňişleriniň döwri bilen baglanyşykly nusgawy nyşanyna dolanýar...