Rassell indiki möwsümde “Mersedesde” Hemiltonyň topardaşy bolar

  • 09.09.2021 01:50
  • 4.9k+

Formula-1-iň “Williams” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell indiki möwsümden “Mersedes” üçin çykyş edip başlar. Bu barada nemes toparynyň saýtynda habar berilýär diýip, sportrbc.ru belleýär.

Onuň topardaşy ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton bolar. Mundan öň Hemiltonyň häzirki ýoldaşy, 2017-nji ýyldan bäri “Mersedesde” çykyş edýän finlýandiýaly Waltteri Bottasyň karýerasyny “Alfa Romeoda” dowam etdirjekdigi habar berildi.

Rassell Formula-1-de 2019-njy ýylda “Williamsyň” düzüminde ilkinji gezek çykyş etdi. 23 ýaşly sürüji 51 ýaryşa gatnaşdy, onuň görkezen iň gowy netijesi 2021-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisinde ikinji orny eýelemegi boldy. 2020-möwsüminde ol Bahreýndäki tapgyrda “Mersedesde” koronawirus bilen kesellän Hemiltonyň ornuny çalşyrdy, şonda ol dokuzynjy orny eýeledi.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......