4-nji sentýabrda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

4-nji sentýabrda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 4-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 706 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23°, gündizine +30... +35°, kenarýaka etraplarynda +21... +26° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +24... +26°, basyşy 745 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Awazada: howa +23... +25°, basyşy 751 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Balkanabat şäherinde: howa +31... +33°, basyşy 753 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26°, gündizine +31... +36° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Tejen şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 742 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Baýramaly şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21° maýyl, gündizine +34... +39° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Kerki şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21°, gündizine +30... +35° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 748 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Köneürgenç şäherinde: howa +30... +32°, basyşy 743 mm, çyglylygy 10 — 30%.