Apple planşet bazarynda lider bolmagynda galýar

  • 04.08.2021 01:19
  • 2651
Apple planşet bazarynda lider bolmagynda galýar

IDC kompaniýasynyň analitikleriniň habar bermegine görä, Apple kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, planşet kompýuterleriniň dünýä bazarynda özüniň liderligini saklady. Ikinji orny Samsung, üçünji orny Lenovo eýeledi, dördünji orun Amazon kompaniýasyna degişli boldy diýip, 3dnews.ru habar berýär.

IDC hünärmenleriniň hasabyna görä, 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple bazara jemi 12,9 mln iPad iberdi. Bu 2020-nji ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 3,5% köpdür. Kompaniýanyň bazar paýy 31,9 göterim boldy. Samsung bolsa degişli döwürde 8 mln planşet kompýuterini satdy. Kompaniýanyň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşi üpjün edip, 19,6% boldy. 
Üçünji orny eýeleýän Lenovo kompaniýasy üpjünçiligini 64,5% artdyrdy. Bu onuň paýynyň 7,4%-den 11,6%-e çenli ýokarlanmagyna getirdi. Lenovo 4,7 mln planşeti ýola goýdy. Bu kompaniýadan soň 3,6 mln gurluş bilen Amazon ýerleşýär. Amazon özüniň üpjünçiligini 20,3% artdyrmagy başardy. Huawei kompaniýasynyň görkezijileri bolsa 4,5 milliondan 2,1 milliona çenli pese gaçdy. Bu bazaryň 5,1%-ine deňdir. Bir ýyl mundan öň Huawei-niň paýy 11,5% bolupdy. 


düýn 23:08
2423

Haýsysy köp? Samsung, Apple we Xiaomi-niň 10 ýylda näçe smartfon satandygy belli boldy

Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi. 10 ýylyň dowamynda...

14.05.2024 15:22
3050

Microsoft Apple bilen Google-a çagyryş edýär: tomusda Xbox Store ykjam oýunlar dükany işe giriziler

Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynda mobil oýunlar dükanyny işe girizer. Bu maglumatlary Xbox-yň prezidenti Sara Bond tassyklady diýip, Bloomberg habar berýär. Google Play bilen App Store dükanlaryndan...

10.05.2024 14:58
6152

Iň uly iPhone öndürijisi Foxconn rekord goýdy: satuw tas 16 mlrd dollara ýetdi

Iň uly elektronika, şol sanda iPhone öndürijisi Foxconn-yň aprel satuwy rekord derejä çykyp, 15,83 mlrd ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu ýyllyk hasabynda 19% ösüşi aňladýar diýip, ixbt.com habar berýär. Bu ösüş...

10.05.2024 13:38
4964

Bloomberg Apple-iň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärleri aýtdy

Apple korporasiýasynyň baş müdiri Tim Kuk günlerde bir gün işinden çekiler, onuň oruntutary bolmaga iň ýakyn adam bolsa enjam üpjünçiligini işläp taýýarlamak bölüminiň başlygy Jon Ternus hasaplanýar diýip, çeşmelere...