Bloomberg Apple-iň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärleri aýtdy

  • 10.05.2024 13:38
  • 5.3k+

Apple korporasiýasynyň baş müdiri Tim Kuk günlerde bir gün işinden çekiler, onuň oruntutary bolmaga iň ýakyn adam bolsa enjam üpjünçiligini işläp taýýarlamak bölüminiň başlygy Jon Ternus hasaplanýar diýip, çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Kuk 63 ýaşynda, Ternus 49 ýaşynda. Bu ýaş ony ýene bir mümkin bolan dalaşgär – 61 ýaşly baş operasion müdir Jeff Uilýamsdan tapawutlandyrýar. Uilýams öňden bäri potensial oruntutar hasaplanýardy, ýöne müdirler geňeşi kompaniýanyň täze ýolbaşçysynyň bu wezipäni azyndan 10 ýyl eýelemegini isleýär. Şeýlelikde, Kuk derrew işden giden ýagdaýynda-da, Uilýams korporasiýany dolandyryş möhletiniň ahyryna çenli 70 ýaşlarynda bolardy.
Ternus Apple kompaniýasyna 2001-nji ýylda goşuldy we häzir ýygy-ýygydan kompaniýanyň täze önümleriniň ýüzi bolýar. Munuň şeýledigini maý aýynyň başynda geçirilen iPad 7-niň anonsy-da görkezip biler.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....