Kataryň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

  • 30.07.2021 13:54
  • 4.3k+

29-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ilçi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasra türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......