Türkmen Lideri Aşgabatda täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 23.07.2021 09:52
  • 14k+

22-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Ruhyýet köşgünde geçirilen duşuşyga Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, täze desgalaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Liderine Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň binasynyň baş meýilnamasy, binalar toplumynyň teklip edilýän ýerleşiş çyzgysy hem-de dürli tarapdan görnüşleri görkezildi. Şeýle hem S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň, şeýle hem A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň şekil taslamalaryny gözden geçirdi.
Täze guruljak desgalaryň hatarynda 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkezi, “Dokmaçylar” medeni merkezi, Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegindäki “Altyn kölüň” kenarynda guruljak dynç alyş zolagy, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgäh, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda guruljak ýaşaýyş we durmuş maksatly binalar toplumy, Halkara onkologiýa merkeziniň binasy bar. Şeýle hem döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň çäginde bar bolan we döwrebaplaşdyrylmagy teklip edilýän köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirdi.
Türkmen Lideri Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşlygyny tamamlap, baş şäherde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady.


26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......