Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk boýunça iş maslahaty geçirildi

  • 23.07.2021 09:46
  • 6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda alyp barýan işleri, guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlygyň derejesi barada habar berildi.
Döwlet Baştutany bu şanly senäni mynasyp dabaralandyrmakda obasenagat toplumynyň düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatdaky zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereketli bolmagyny gazanmak meseleleriniň wajypdygyna üns çekildi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çäreleri, baýramçylyk dabaralary baradaky hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:44
1.1k+

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri Ýaponiýadaky sungat sergisinde görkezildi

2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Çäksiz sungat» atly halkara sergä gatnaşanlara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 12:45
3.3k+

Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi...

düýn 09:15
9.1k+

+23 hem-de gar gatyşykly ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

düýn 02:10
1.4k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer...