S.Berdimuhamedow halkara gatnaşyklaryna goşandy üçin hormat nyşanyny alar

  • 22.07.2021 20:23
  • 17k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa «Sankt-Peterburgyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky aýratyn hyzmatlary üçin» hormat nyşany gowşurylar. Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň  degişli karary şäher administrasiýasynyň saýtynda ýerleşdirildi.

Hormat nyşany şeýle hem şäheriň häzirki gubernatory A.Beglowa, öňki şäher ýolbaşçylary — W.Matwiýenko we G.Poltawçenko, daşary aragatnaşyklar boýunça şäher komitetiniň ýolbaşçysy Ý.Grigorýewe, «Halkara gatnaşyklarynyň Sankt-Peterburg assosiasiýasy» müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mudraga, «Ermitaž» muzeýýiniň direktorynyň orunbasary A.Prohorenko, «Russiýanyň gurluşykçylar birleşiginiň» direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy W.Ýakowlewe, Ýerewan şäheriniň administrasiýasynyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň başlygy D.Geworgýana berler.
Bu hormat nyşany 2021-nji ýylyň fewral aýynda döredildi. Ol halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine düýpli goşant goşan şahslara gowşurylýar.


şu gün 11:41
255

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
287

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.3k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......