Türkmenistanda 20-nji iýulda-da howa gyzgyn bolar

Türkmenistanda 20-nji iýulda-da howa gyzgyn bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 20-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +36... +41° yssy, kenarýaka etraplarynda +30... +35° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 747 mm. Çyglylygy 35 — 55 %.
Awazada: howa +32... +34°, basyşy 753 mm. Çyglylygy 40 — 60 %.
Balkanabat şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 752 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 734 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.
Tejen şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 736 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +35... +40° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 731 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +35... +40° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 733 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 728 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 745 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 747 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.