Russiýada görejini ýitirenlere görmäge kömek etjek neýroimplant döredildi

  • 16.07.2021 16:52
  • 12k+

«Sensor-Teh» barlaghanasy körlere we kerlere kömek bermek gaznasy “So-ýedineniýe” bilen bilelikde kelle beýnisiniň korteksine girizmek üçin ELVIS implantyny hödürledi. Ol görejini ýitiren, ýöne öň görmek ukyby bolan, ýagny görüş tejribesine eýe bolanlar üçin niýetlenendir.

Bu işde Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýokary nerw işjeňligi we neýrofiziologiýa instituty hem-de MIREA Russiýanyň tehnologiýa uniwersitetiniň kollektiw taslamak merkezi işläp düzüjilere ylmy maslahatlary berdiler.
Implant kelle beýnisiniň görüş korteksiniň meýdanyna oturdylyp, ony ownuk toklar bilen gyjyndyrýar. Şeýle-de, şekili real wagtda hasaba alýan iki kameraly kelle halkasy we kameralardaky şekilleri seljerýän, möhüm obýektleriň suduryny aýratynlandyrýan we gaýtadan işlenilen kadrlary implanta geçirýän mikrokompýuter bar. Mikrokompýuter biliňe berkidilýär.
“Sensor-Tehiň” müdiri Denis Kuleşow beýniniň täze maglumat çeşmesine uýgunlaşýandygyny aýdýar. Şeýlelik bilen, eger görýän adamda wizual obrazlar gözüň kömegi bilen ýüze çykýan bolsa, kör adamda olar elektrik gyjyndyrmasy arkaly göni görüş korteksine gelýärler.
Kuleşowyň aýtmagyna görä, kameralardan alnan şekiller 10x10 piksele çenli kiçeldilýär we gara-ak görnüşinde beýnä geçirilýär. Bu detallary görmäge mümkinçilik bermez, ýöne umumy wizual maglumatlary we obýektleriň sudury barada düşünje berer.
Implanty taýýarlamak işi eýýäm iki ýyl bäri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ELVIS ulgamynyň komponentleri gemrijilerde synagdan geçirilýär. Soň olar maýmynlarda synagdan geçiriler. Işläp düzüjiler munuň saglyga howp salyp biljek inwaziw tehnologiýadygyny belleýärler. Haýwanlarda geçirilen synaglaryň netijelerine esaslanyp, Roszdrawnadzor ony meýletinçilerde synagdan geçirmäge rugsat bermelidigini ýa-da däldigini kesgitlär. ““Sensor-Teh” barlaghanasynda” 2023-nji ýylda on sany gözi görmeýän meýletinçide kortikal implanty oturtmagy meýilleşdirýärler. Eger işler şowly bolsa, tehnologiýa hasaba alnar. 2027-nji ýyldan başlap operasiýalar Russiýada, soňra beýleki ýurtlarda hem giňden elýeterli bolup biler.


şu gün 00:18
325

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....