Opel täze nesil Astra heçbegini tanyşdyrdy

  • 15.07.2021 12:38
  • 19k+

Nemes awtoulag öndürijisi bolan “Opel” altynjy nesil “Astra” heçbegini köpçülige tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, vesti.ru habar berdi.

Täze nesil "Opel Astra" heçbegi EMP2 modul platformasynda döredildi. Bu modul platformasy Peugeot 3008, Peugeot 5008 we Citroen C5 Aircross ýaly modeller bilen öňden hem meşhurdyr.

“Opel”-iň täze modeli özüne mahsus bolan stilde “Visor” elementi bilen bezelipdir. “Astra”-nyň esasy görnüşinde “LED optika” oturdyldy. Saýlama modelde bolsa her farada 84 element bolan, jemi 168 LED elementli "Intelli-Lux" matrisasy ornaşdyrylypdyr.
Täze önümiň içki böleginde Nappa nagyşly täze oturgyçlar bar. Şeýle hem onda 10 dýuým duýgur ekranly bitewi Pure Paneli görmek bolýar. Ondaky displeýleriň biri dolandyryş paneli, ikinjisi bolsa multimediýa ulgamy üçin niýetlenendir. Olaryň aşagynda klimat-kontrol düwmeleri-de bar.
Şeýle hem altynjy nesil “Opel Astra” 110 we 130 at güýji bolan 1,2 litrlik benzin turbo hereketlendirijileri bilen ýöreýär diýip, çeşme belleýär.


27.04.2026 11:35
1.9k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

14.04.2026 14:41
1.7k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...