Türkiýäniň dünýä bazarlaryna awtomobil eksporty ýokarlanýar

Türkiýäniň dünýä bazarlaryna awtomobil eksporty ýokarlanýar

Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda awtomobil eksportuny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 45,5 göterim, ýagny 14,382 mlrd dollara çenli artdyrdy. Bu barada Türkiýäniň söwda ministrligi habar berýär diýip, Trend belleýär.

Iýun aýynda Türkiýe awtomobilleriň 2,352 mlrd dollarlyk eksportuny amala aşyrdy, bu 2020-nji ýylyň şol aýynyň görkezijisinden 16,8 göterim köpdür.
Soňky 12 aýyň dowamynda (2020-nji ýylyň iýun aýy – 2021-nji ýylyň iýun aýy) türk awtomobilleriniň eksporty 29,138 mlrd dollara barabar boldy.