Türkmen Lideri Wladimir Putine gynanç hatyny ýollady

Türkmen Lideri Wladimir Putine gynanç hatyny ýollady

Mälim bolşy ýaly, 6-njy iýulda Russiýanyň Kamçatka ülkesinde An-26 ýolagçy kysymly uçary heläkçilige uçrap, ondaky ýolagçylaryň ählisi pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kamçatka ülkesinde An-26 uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. TDH-niň habarynda bellenilişi ýaly, türkmen Lideri şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.