Ýaponiýanyň «Fugaku» superkompýuteri «dünýädäki iň çalt» adyny tassyklady

  • 01.07.2021 20:15
  • 8.7k+

Ýaponiýanyň “Fugaku” superkompýuteri “dünýädäki iň çalt superkompýuter” adyny saklady. Muny “Top-500” halkara taslamasynyň hünärmenleri ýene bir gezek tassykladylar diýip, “Nikkei” gazeti ýazýar. Bu barada TASS belleýär.

“Fugaku” 2020-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde iň çalt superkompýuter diýlip yglan edildi. Noýabr aýynda bu status ýene bir gezek tassyklandy. Şol bir wagtyň özünde ABŞ we Hytaý şu ýylyň dowamynda has kuwwatly superkompýuterleri işe girizmegi meýilleşdirýärler we netijede, “Fugaku” dünýädäki iň çalt superkompýuter adyny ýitirip biler.
Şu ýylyň mart aýynda Kobe şäherindäki Ýaponiýanyň döwlet tebigy ylymlar institutynyň hasaplaýyş merkezinde (Riken) bu superkompýuter doly güýjünde işläp başlady. Ol Fujitsu elektronika korporasiýasy tarapyndan Riken hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Superkompýuter sekuntda 415 kwadrilliondan gowrak hasaby amala aşyryp bilýär. Bu sanawda öň birinji orny eýeläp, häzir ikinji orna düşen Ok-Rijdäki ABŞ-nyň Milli barlaghanasynyň Summit superkompýuteriniň tizliginden, takmynan, 2,8 esse ýokarydyr. Üçünji orunda hem amerikan superkompýuteri ýerleşýär, dördünji we bäşinji orunlary Hytaýyň maşynlary eýeleýär.
Häzirki wagtda “Fugaku” pandemiýa, emeli intellekt we howany çaklamak bilen bagly ýüzlerçe barlag işlerine gatnaşýar.
“Fugaku” ýaponlar üçin mukaddes bolan Fudzi dagynyň bir adydyr.


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......