Türkmen Lideri ýakynda welaýatlara iş saparyny amala aşyrar

  • 01.07.2021 13:04
  • 19k+

30-njy iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda türkmen Lideri ýakynda Balkan we Daşoguz, Ahal we Mary welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrjakdygyny aýtdy, bu sebitlerde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bolar.
Maslahatyň dowamynda şeýle hem Diýarymyzyň daýhanlarynyň gazanan zähmet ýeňşi, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan, galla oragy bilen bir hatarda, gowaça we beýleki ekinlere idegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýola goýulmagy babatda dowam edýän işler barada hasabat diňlenildi.
Welaýat häkimleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdiler.
Türkmen Lideri guşgursak ak bugdaýdan bol hasylyň ýetişdirilmeginiň daýhan yhlasynyň ýerine düşendigine güwä geçýändigini belläp, onuň tebigatyň ynsana berýän mukaddes peşgeşidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oba hojalygynyň häzirki zaman ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmelidigini belledi.


04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......