Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 28.06.2021 12:06
  • 9.4k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde döwlet Baştutany Akşäher hem Hanbeg atly bedewler bilen didarlaşdy.
Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de olaryň arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.


düýn 10:19
7.9k+

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň ahalteke bedewiniň baýramyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy

Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

düýn 10:18
7.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda 30 müň adama niýetlenen metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada 4-nji aprelde «Watan» habarlar......

01.04.2026 11:29
3.1k+

25-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak maksady bilen, «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Buýruga gol çekdi. Bu barada......

28.03.2026 01:10
7.1k+

Türkmenistanda aprel aýyna birnäçe çäreler meýilleşdirilýär

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi....