Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy

22-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen bardy.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen Liderini degişli ýolbaşçylar garşy aldylar. Lebap welaýatynyň häkimi Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren lebaply gallaçylaryň Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.
Döwlet Baştutany daýhanlary gazanan zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.