Täze Porsche Cayenne Coupe krossoweri Nýurburgringiň rekordyny täzeledi

  • 22.06.2021 19:08
  • 8k+

Porsche Cayenne Coupe-iň heniz hödürlenmedik täze modifikasiýasy krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň “Demirgazyk aýlawynyň” rekordyny goýdy. Bu barada nemes awtoöndürijisiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, www.autonews.ru belleýär.

Porsche-niň synag-sürüjisi Lars Kernanyň dolandyrmagy bilen awtomobil 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 38,925 sekuntda geçdi. Krossower 2019-njy ýylyň güýzünde Nýurburgring aýlawyny 7 minut 42,253 sekuntda geçen Audi RS Q8-iň rekordyny täzeledi. 
Rekord goýan Porsche Cayenne Coupe köpçülikleýin önümçilige goýberiljek görnüşinden diňe howpsuzlyk karkasy we ýaryş üçin sürüji kowş-oturgyjy bilen tapawutlandy. Daşlyk hökmünde bu model üçin ýörite döredilen aýratyn Pirelli P Zero Corsa rezini ulanyldy. Ol krossoweriň standart üpjünçiligine girer.
Deslapky maglumatlar boýunça, Porsche Cayenne Coupe-iň täze wersiýasy 640 at güýjüni berýän iki turbinaly 4,0 litrlik V8 benzin motory bilen üpjün edildi. Bu modeliň häzirki gibrid modifikasiýasy Turbo S E Hybrid-den azdyr, onuň gurluşy 680 at güýjüni berýär. Täze Porsche Cayenne Coupe krossoweriniň premýerasynyň ýakyn wagtda bolmagyna garaşylýar.
Nordşlýaýfe ýa-da Nýurburgringiň “Demirgazyk aýlawy” her dynç güni dünýäniň ähli ýurdundan abraýly ýaryşçylary özüne çekýän dünýäniň iň meşhur ýaryş ýollarynyň biridir. Ýoluň uzynlygy 20,8 km ýetýär, onuň iki kilometrlik göni bölegi Döttinger Höhe sportkarlara sagatda 300 kilometre çenli bat almaga mümkinçilik berýär.


12.05.2026 14:52
2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...