Eýran koronawirusa garşy sanjym öndüriji ýurtlaryň hataryna goşuldy

Eýran koronawirusa garşy sanjym öndüriji ýurtlaryň hataryna goşuldy

“Ymamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek üçin ştab-kwartira” guramasynyň başlygy Mohammad Mohber yslam rewolýusiýasynyň Ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýe ýazan hatynda Eýranyň koronawirusa (COVID-19) garşy sanjym öndürip biljek 6 ýurduň hataryna goşulandygyny habar berdi. Muny Yslam respublikasynyň habarlar agentligine salgylanyp, Trend ýetirýär.

“Kow Iran Barakat” ymamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek boýunça Ştab-kwartirada eýran barlagçylary tarapyndan döredilen koronawirusa garşy ilkinji sanjym. Sanjym 2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda hödürlendi we 2021-nji ýylyň 29-njy martynda onuň köpçülikleýin önümçilik tapgyry başlandy. Şu gün ol köpçülikleýin ulanylyş üçin ygtyýarnama aldy.
Öň, Eýranyň saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ministri Said Namaki Eýranyň şu tomsuň ahyryna çenli dünýäde COVID-19-a garşy sanjymy iň uly öndüriji boljakdygyny aýtdy.