Futbol kluby Habib Nurmagomedowa şertnama teklip etdi

Futbol kluby Habib Nurmagomedowa şertnama teklip etdi

“Legion Dinamo” futbol kluby ýeňil agramda UFC-niň russiýaly çempiony Habib Nurmagomedow üçin şertnama taýýarlady. Bu barada Instagram sahypasynda öňki futbolçy, häzir bolsa klubuň prezidenti Şamil Lahiýalow habar berdi. Muny sport24.ru ýetirýär.

“Habib Nurmagomedowyň Instagram sahypasyndaky soňky beýany bilen baglanyşykly, ýakyn wagtda “Legion Dinamo” futbol klubuny esaslandyryjylaryň ýygnagyna gyssagly ýagdaýda ýygnanarys.
Gün tertibinde: 2021/22 möwsümi üçin wezipe we maksat – birinji diwiziona çykmak (höweslendiriş üçin). Nurmagomedow Habib Abdulmanapowiç bilen şertnama baglaşmak. Diňe mukdary ýazyp, gol çekmek galdy. Indiki ädim Habib seniňki” – diýlip, habarda aýdylýar.

Öň, Habib Nurmagomedow “Legion Dinamo” klubuny “Maňa höweslendiriji gerek, doganlar” diýen sözler bilen belläp, futbol oýnaýşynyň wideosyny ýerleşdirdi. 
“Legion Dinamo” kluby 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda topar PFL-iň birinji toparynda çykyş edýär. Ol geçirilen 30 tapgyryň jemi boýunça 61 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.