Futbol kluby Habib Nurmagomedowa şertnama teklip etdi

  • 05.06.2021 22:08
  • 40k+

“Legion Dinamo” futbol kluby ýeňil agramda UFC-niň russiýaly çempiony Habib Nurmagomedow üçin şertnama taýýarlady. Bu barada Instagram sahypasynda öňki futbolçy, häzir bolsa klubuň prezidenti Şamil Lahiýalow habar berdi. Muny sport24.ru ýetirýär.

“Habib Nurmagomedowyň Instagram sahypasyndaky soňky beýany bilen baglanyşykly, ýakyn wagtda “Legion Dinamo” futbol klubuny esaslandyryjylaryň ýygnagyna gyssagly ýagdaýda ýygnanarys.
Gün tertibinde: 2021/22 möwsümi üçin wezipe we maksat – birinji diwiziona çykmak (höweslendiriş üçin). Nurmagomedow Habib Abdulmanapowiç bilen şertnama baglaşmak. Diňe mukdary ýazyp, gol çekmek galdy. Indiki ädim Habib seniňki” – diýlip, habarda aýdylýar.

Öň, Habib Nurmagomedow “Legion Dinamo” klubuny “Maňa höweslendiriji gerek, doganlar” diýen sözler bilen belläp, futbol oýnaýşynyň wideosyny ýerleşdirdi. 
“Legion Dinamo” kluby 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda topar PFL-iň birinji toparynda çykyş edýär. Ol geçirilen 30 tapgyryň jemi boýunça 61 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.


05.08.2025 10:58
14k+

Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer

Russiýaly Islam Mahaçew 15-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky meşhur “Medison-skwer-garden” arenasynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen titul söweşini geçirer. Bu barada ABŞ-da geçirilen metbugat maslahatynda ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow habar berdi...

21.03.2025 16:09
19k+

UFC-niň taryhynda iň köp hak alýan söweşijileriň reýtingi hödürlendi

Abraýly Give me Sport demirgazyk amerikan neşiri taryhda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň iň köp girdeji gazanan söweşijileriniň reýtingini düzdi. Reýtingde 20 söweşiji bolup, birinji orny iki agram kategoriýasynda...

28.01.2025 23:47
11k+

“Mançester Ýunaýted” Habib we Usman Nurmagomedowlara atly köýnekçeleri sowgat etdi

Garyşyk stiliň belli russiýaly söweşijileri Habib we Usman Nurmagomedowlar Abu-Dabide (BAE) geçirilen PFL ýaryşyndan soň Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubundan atly köýnekçeleri sowgat aldy. Şeýle köýnekçe...

26.01.2025 14:06
11k+

Usman Nurmagomedow irlandiýaly Pol Hýuzy ýeňip, PFL-iň çempion titulyny gorady

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow PFL Champions Series Road to Dubai ýaryşynyň esasy söweşinde irlandiýaly Pol Hýuzy emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi. Netijede, ol ýeňil agramda Bellator ligasynyň...